eňtermek işlik

  1. Gaby aşak tutup, egip bir zady dökmek, akdyrmak, guýmak.

    • Onuň üstünden bedreli suwy hem eňteripdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Kündügi suwdan dolduryp, bir-iki sapar başlaryndan eňterip oňaýýar. («Tokmak» žurnaly)

  2. Bir zat bilen basyrmak, üstüni ýapmak, gömmek.

    • Hawa, ol maşyny şol ýere eňteriň, üstüne kenary eňteriň, düşüdiňizmi? -- diýip, Patan ata öz adamlaryna buýruklar berdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Bir tarapa agdarmak, itekläp ýykyp goýbermek.

    • Şeýle-de bolsa, meniň yralan agajymy sen eňterip goýberdiň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Göçme manyda Erbet taraplaryny, etmişini görkezip geplemek, üstünden düşmek, tankyt etmek, ýamanlamak.

    • Başlygyň üstünden eňterip ugramagy onuň ünsüni özüne çekdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  5. Bir zat bilen urmak, depesinden indirmek.

    • Ol, ýüzüniň ugruna ýerde ýatan pili garbap alyp, içerden eýer-esbaby alyp çykan ýigidiň depesinden eňterdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Hyrçyny dişläp eýmenç baý, birdenkä çolugyň gerşinden gamçysyny eňterdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

    • Jähennem bol diýýän! Bolmasa bir eňtererin, ölersiň! (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  6. Göçme manyda Bir bada içmek, başyňa çekmek, götermek.

  7. Çalt hereket edip, bir tarapa ýüzlemek, at goýmak, dökülmek, çozmak.