eňterişdirmek işlik

  1. Köp gapdaky zady eňterip çykmak, yzly-yzyna dökmek, guýmak.

    • Doly bedreleri eňterişdirmek.

  2. Birnäçe ýere zat dökmek, birnäçe ýeriň üstüni ýapmak, gömüşdirmek.

  3. Birnäçe zady agdarmak, agdaryşdyrmak, itekläp ýykyşdyrmak.

  4. Göçme manyda Käbir adamlaryň erbet, taraplary, etmişlerini aýdyşdyrmak, aýdyşdyryp ýamanlamak.

  5. Köp adamy urup başlamak, gaýta-gaýta eňterip durmak.

  6. Göçme manyda Köp gapdaky zady içmek, yzly-yzyna içmek, başyňa çekmek.