Gynançdan ýaňa zaryndan gözýaş etmek, zar-zar aglamak, aglamak.
Sen gyssanma, biz ol eňrän eneleriň, gyrlan çagalaryň aryny alarys. (B. Soltannyýazow, Kümüş)
Iki elini ýüzüne tutup, güňleç ses bilen eňredi. (M. Gorkiý, Ene)
Köp eňredi Nabat pahyr, Çagalary hem aglaşdy. (Çary Aşyr, Poemalar)
Bir zatdan ýa-da birinden zeýrenip, güýçli närazylyk bildirmek, nalyş etmek.
Gan eňremek kesbini Leýli bilen bäs etdim. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)