eňreşmek eň‧reş‧mek işlik

Bir zat üçin köpçülikleýin aglaşmak, köp bolup eňremek, bilelikde ses etmek, ses çykarmak.

  • Bu jaýda çagajyklar açlykdan eňreşip otyrdylar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Aýallar eňreşip, öýüň agzyna çykdylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Çagalaryň eňreşýän zaryn sesleri-de goşulýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • eňreşip
  • eňreşmek
  • eňreşseler
  • eňreşýän