Aşaklygyna gaýtmak, inmek.
Ol öňki gelen bilen-ýol bilen aýlanyp gaýtman, kötel ýoda bilen dagyň jülgelerinden eňdi-de, öňlerine bakan gönüläp gaýtdy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Duşmanyň alty sanysy göwresini saklap bilmän aşak eňdi. (B. Soltannyýazow, Kümüş)
Bir tarapa ýüzlenmek, gitmek.
Biz gündogar tarapa eňmeli. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Hüjüm etmek, çozmak, topulmak.
Duşmanyň üstüne baka eňdiler. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Bular üstlerine eňmäge taýýar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Dogry hem bolsa, nädogry hem bolsa öz diýeniňi tutup oturmak.