eňilmek işlik

  1. Aşaklygyna gaýdylma, inilmek.

    • Öz ahyryna dökülen dürüşdä eňlen sygryny sagmak üçin, ýaňyrak bolan gölejigini goýberdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Başlaryndaky çiş telpeklerini taşlap, öňe baka eňildiler. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  2. Bir tarapa gidilmek, ýüzlenilmek.

  3. Hüjüm edilmek, çozulmak.

    • Ol duşman haýsy tarapa eňilse, şol ýerdäki pulemýoty atýardy. (B. Soltannyýazow, Kümüş)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem eňilmek - eňler, eňlipdir.


Duş gelýän formalary
  • eňildi
  • eňildiler
  • eňildimmi
  • eňilligi
  • eňillik
  • eňillikleri
  • eňilme
  • eňilmegine
  • eňilmese
  • eňilse
  • eňlen
  • eňleri
  • eňlerin
  • eňlip