eňek e‧ňek

  1. Äň süňkleriniň birleşýän, ýüzüň aşaky çürelýän ýer ýüz tarapda dişler ýerleşýän öwrümli öňe çykyp durýan kelle bölegi.

    • Ata sakgaly eňegine çykandyr. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ýumry dodaklarynyň üsti bilen eňegine bakan syrykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Nurjan iki elini eňeginden aýryp, bogazyna ýetirdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

    • Çary aga gaýrarak çekilip, bat bilen onuň eňegine depip goýberdi. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

  2. Keçä salynýan gülüň ady, bir görnüşi.

  3. Göçme manyda Baş bermän bir diýenini gaýtalap duran, jedelçi.

    • Duran bir eňekdir, bakmaz sözüňe. (A. Kekilow, Söýgi)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem eňek - eňegi.

eňegi ýere bermek

  1. Ýykylmak.

    • Ol daşa büdräp, eňegini ýere berdi;.

  2. Ýaşmak, batmak.

    • Gün eňegini ýere berip barýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Gün eňegini ýere berip, iňrik garalyp başlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

eňegine jaň dakylan ýaly!

Yzyňy üzmän gürleýän, köp gepleýän, ýaňra.

  • Bu gün seniň eňegiňe jaň dakylan ýaly boldy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Ýelli bolsa eňegine jaň dakylan ýaly ýaňrady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

eňegiňi basmak

Suwuk zady içmek, suw içmek, iýmek.

  • Ol sowuk suwa eňegini basdy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

eňegiňi galdyrmak

Kelläňi dikeltmek, seretmek.

  • Komandir eňegini galdyryp, kellesini dikeltdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

eňek atmak

  1. Ölüm halynda, ýagdaýynda bolmak.

    • Myratguly eňek atyp ýatyrka, Saçlynyň elinden tutdy. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)

  2. Ahyrky nokada ýakynlaşmak, aşaklamak, ýaşmak.

eňek bermezlik

Baş bermezlik, öz diýeniňi öňe sürmeklik, gürrüňdeşine ýol bermezlik, başartmazlyk.

  • Ol eňek bermedi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

eňek etmek

Bir zat hakynda dawa etmek, jedelleşmek, jedel etmek, dawalaşmak.

  • Dostlar näme eňek edýärler? («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Päheý, saňa ýöne eňek et diýseň! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

eňek tutmak

Öz diýeniňi diýip, ýer depip durmak.


Duş gelýän formalary
  • eňege
  • eňegem
  • eňegi
  • eňegin
  • eňeginde
  • eňeginden
  • eňegindäki
  • eňegine
  • eňegini
  • eňeginiň
  • eňegiň
  • eňegiňde
  • eňegiňe
  • eňegiňi
  • eňegiňize
  • eňekden
  • eňekdir
  • eňeklerem
  • eňekleri
  • eňeklerinden
  • eňeklerini
  • eňekleriniň
  • eňekleriňi
  • eňekli