eňňit eň‧ňit sypat

Beýiklikden peselip gaýdan ýer üsti, ýapaşak ýer, ýapgyt.

  • Ony eňňide tarap agdardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ençe eňňitlerde ýaplar döreder. (A. Kekilow, Söýgi)

  • Depäniň eňňidine Aýyň ýagtysy düşýärdi. («Mydam taýýar» gazeti)

  • Maşyn ýol eňňitlerinden okdurylyp gelýärdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem eňňit - eňňidi.

eňňit etmek

  1. Eňňit görnüşi bermek, ýapgyt etmek.

    • Münlüp düşülýän ýeri eňňit etmek;.

  2. Aşaklamak, peselmek, egilmek.

    • Al-asmandan günbatara bakan eňňit eden mähnet Günüň tomusky howry biraz öçen ýaly syzylsa-da, onuň joşgunly çogy bütin gözýetime kümüş nuruny heniz bolluk bilen dökýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Onuň bütin göwresi pişegiň zarbyna aşak eňňit edýär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Bir tarapa ýüzlenmek, gitmek.

    • Obadan oňalga tapmadyk daýhan ikiden-ýekeden şähere eňňit edýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Gylyç bir ýaňa eňňit edenden soň, ony kes-kelläm gaýtaryp bolmaýany onuň gözüni öňüne geldi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)


Duş gelýän formalary
  • eňňide
  • eňňidi
  • eňňidinde
  • eňňidinden
  • eňňidindäki
  • eňňidine
  • eňňidini
  • eňňidiniň
  • eňňidiň
  • eňňitde
  • eňňitden
  • eňňitdir
  • eňňitdäki
  • eňňitler
  • eňňitlerde
  • eňňitlerdäki
  • eňňitleri
  • eňňitlerin
  • eňňitlerinde
  • eňňitlerinden
  • eňňitlerindäki
  • eňňitlerine
  • eňňitlerini
  • eňňitleriniň
  • eňňitleriň
  • eňňitli
  • eňňitligi
  • eňňitliginiň
  • eňňitligiň
  • eňňitlik
  • eňňitlikden
  • eňňitlilik