eňňere eň‧ňe‧re

Hasyly ýygnalan ekin meýdany.

  • Obanyň sygyrlary eňňere bolan gowaçanyň içinden gözlerini oba dikişip haýdaşyp gelýärdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Oglanjykka eňňereden köp mizan terne hem gözläpdi. (N. Esenmyradow, Ýaş naturalist)

  • Haýatlar eňňere bolup, hasyllary çekilipdir. (Çary Aşyr, Poemalar)

  • Töwerekdäki baglar hem göýä hazan uran eňňere ýaly bolup dur. («Görogly» eposy)


Duş gelýän formalary
  • eňňerede
  • eňňereden
  • eňňeresi
  • eňňeresini
  • eňňerä