eýwan eý‧wan

[eýwa:n]

Jaýyň öň tarapyndan oňa degrilip edilen üsti ýapyk açyk jaý; jaýlaryň ýokarky gatlarynda öňe çykyp duran ýer.

  • Bu wagt Ogulgerek eýwana çykylýan ýerde garrylaryň edýän gürrüňlerine hem goşulman, bir özi, nämedir, pikir edip otyrdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Ana, açyk bir eýwanda körük wassyklap, kömürden al-ýaşyl ýalyn bulaýlanýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Eýwanyň ýüzünde şygyr ýazylypdyr. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  • Özümiz çagyrýançak bar, daşarda, eýwanyň bir çetinde dur! (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Gajar aga alňasaman-äwmän, eýwandakylary gözden geçirdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Kagyzlaryň käbirini el galgydany üçin, Myrat ýerinden turup, eýwan taýdaky gapyny ýapdy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)


Duş gelýän formalary
  • eýwana
  • eýwanam
  • eýwanda
  • eýwandaky
  • eýwandakylar
  • eýwandakylary
  • eýwandan
  • eýwanlar
  • eýwanlary
  • eýwanlarynda
  • eýwanlaryň
  • eýwanly
  • eýwany
  • eýwany-da
  • eýwanym
  • eýwanyma
  • eýwanymda
  • eýwanymyň
  • eýwanyna
  • eýwanynda
  • eýwanyny
  • eýwanynyň
  • eýwanyň
  • eýwanyňda