«Onda, şeýle bolsa, ýogsam, eýse» diýmek ýaly sözleriň funksiýasynda gelýän kömekçi.
Eýsem saňa näme bolýa?! (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Eýsem-de bolsa, Çerkez öz beýnisini howsala aldyrmady. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Eýsem sen şol samolýotyň bilen uçarsyň-ow?! (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Eýsem size garaňky ýeri nämede? -- diýip sorady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)