Birinden ýa-da bir zatdan gorkmak, çekinmek, ätiýaç etmek, heder etmek, üýşenmek.
Ynanmaz ol kişi, görmese gözi, Eýmenip olardan çekmedi sözi. (A. Kekilow, Söýgi)
Emma Jonnuk batyryň ondan tüýi eýmenmändir goşuny. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)
Rejep öz garşysyna çykaryljak pälwandan eýmenmeýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Sizden Görogly çigit ýaly hem eýmenmäz. («Görogly» eposy)