Gorky duýgusyny döredýän, howp döredýän, gorkunç, gorkuly, elhenç.
Emma Halnazar onuň gözüne öňküden hem eýmenç bolup göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Bu eýmenç adam. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)
Ýel gazdan eýmenç däldir. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Mesele nähili eýmenç bolsa-da, biz jogapkäligini öz boýnumyza göterýäris. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Asmanda bolup geçen eýmenç tragediýany ýatlanynda, ol özüni düýpden unudýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem eýmenç - eýmenji.