eýer e‧ýer at

Üstünde oturmak üçin gylýala salynýan esbap.

  • Gyr atyna eýer saldy. (B. Seýidow, Bagtlylar)

  • Eýeriň üstünde keserip oturdy. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

  • Şonuň üçin hem bu çaga eýere mäkäm ýapyşdy. («Görogly» eposy)

  • Eýeri kellesiniň aşagynda goýupdyr. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Elindäki gamçynyň sapy bilen eýeriň gaşyna tarkyldatdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Başlyk agyr göwresini emaý bilen eýer üstüne goýberdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • At alma, eýer al. (nakyl)


Duş gelýän formalary
  • eýerde
  • eýerden
  • eýerdi
  • eýerdigim
  • eýerdiler
  • eýerdim
  • eýerdir
  • eýere
  • eýeri
  • eýeridir
  • eýerinde
  • eýerinden
  • eýerine
  • eýerini
  • eýeriniň
  • eýeriň
  • eýerler
  • eýerleri
  • eýerlerinem
  • eýerleriň
  • eýerli
  • eýerlidi
  • eýerlik
  • eýersiz
  • eýersizdi