Eýe bolmaklyk, eýe boluş ýagdaýy, hojaýynlyk.
Siziň jaýyňyz meniň eýelik edýän jaýym bilen bir hatarda bolar. (B. Gurbanow, Duşuşyk)
Onuň üçden birine Halnazarlar eýelik etdi. Gürrüňdeşi başga bolsa-da, Şeker onuň bütin durmuşyna eýelik etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ynha adamlaryň, eýelik et! -- diýip, çatmasyna gitdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem eýelik - eýeligi.
«Kimiň? Nämäniň?» diýen soraglara jogap bolýan düşüm.
Öz zadyň ýaly görmek, oňat seretmek.
Jaý hem jaý welin, tohum gylýallara eýelik gözi bilen seredip idetmek hem gerek-diýdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)