eýelemek işlik

  1. Bir zady özüňki etmek, öz ygtyýaryňa geçirmek, eýe bolmak.

    • Ol kitaby eýýäm eýeläpdir.

  2. Ele almak, ele salmak, basyp almak.

    • Demirgazyk taýdan Daşkent-Moskowa otly ýoluny kesip, ataman Dutow ýaňadandan Orenburgy eýeledi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Olar on ikinji iýulda Aşgabatda hem Gyzylarbatda häkimiýeti eýelediler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Olar ýabyň köprüsini eýelänlerinde, gije özüniň garaňky perdesini bütin äleme ýaýypdy. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

  3. Bir ýerde jaýlaşmak, ýerleşmek, ornaşmak.

    • Ellerini işden boşanan beýleki adamlar-da özleriniň at-abraýlaryna laýyk bolan ýerlerini eýelediler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • eýeledi
  • eýeledigiçe
  • eýeledik
  • eýelediler
  • eýeledim
  • eýelediň
  • eýelejegi
  • eýelejek
  • eýelejekdigi
  • eýelemegem
  • eýelemegi
  • eýelemegidir
  • eýelemegime
  • eýelemeginde
  • eýelemegine
  • eýelemegini
  • eýelemeginiň
  • eýelemegiň
  • eýelemegiňizi
  • eýelemejekdigini
  • eýelemek
  • eýelemekde
  • eýelemekden
  • eýelemekleri
  • eýelemeklerini
  • eýelemeklige
  • eýelemekligi
  • eýelemeklik
  • eýelemeli
  • eýelemelidi
  • eýelemelidigi
  • eýelemelidigini
  • eýelemelidir
  • eýelemelidirler
  • eýelemeseň
  • eýelemezden
  • eýelemezlikde
  • eýelemeýär
  • eýelemeýärdi
  • eýelemeýärler
  • eýelemäge
  • eýelemän
  • eýelemändi
  • eýelemändir
  • eýelese
  • eýelese-de
  • eýeleseler
  • eýeleýän
  • eýeleýändigi
  • eýeleýändigimizi
  • eýeleýändigine
  • eýeleýändigini
  • eýeleýändiklerini
  • eýeleýändir
  • eýeleýänem
  • eýeleýäniň
  • eýeleýäniňe
  • eýeleýänler
  • eýeleýänlere
  • eýeleýänleriň
  • eýeleýänligi
  • eýeleýänligindedir
  • eýeleýänçä
  • eýeleýär
  • eýeleýärdi
  • eýeleýärdiler
  • eýeleýärin
  • eýeleýäris
  • eýeleýärler
  • eýelän
  • eýelände
  • eýeländen
  • eýeländigi
  • eýeländiginden
  • eýeländigini
  • eýeländikleri
  • eýeländiklerine
  • eýeländir
  • eýeläninden
  • eýelänini
  • eýelänlerinde
  • eýelänlerinden
  • eýelänsoň
  • eýeläp
  • eýeläpdi
  • eýeläpdiler
  • eýeläpdir
  • eýeläpdirler
  • eýeläpsiň
  • eýelär
  • eýeläris
  • eýeläsi
  • eýeläýmek
  • eýeläýse
  • eýeläň