eýeçilik e‧ýe‧çi‧lik

  1. Birine ýa-da bir zada degişli bolan emläk, mal-mülk, zat.

  2. Bir zadyň, emlägiň, mal-mülküň birine ýa-da bir zada degişli bolmaklygy.

    • Şahsy eýeçilik.

  3. Göz-gulak bolmaklyk, ugruna seretmeklik, ideg.

    • Ýöne muňa eýeçilik etmek gerek. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Mala eýeçilik gerek. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem eýeçilik - eýeçiligi.

eýeçilik gözi bilen seretmek

seret eýelik

  • Goý, olar öz brigadalarynyň hemme emlägine eýeçilik gözi bilen seretsinler! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • eýeçilige
  • eýeçiligi
  • eýeçiligi-de
  • eýeçiligidir
  • eýeçiligin
  • eýeçiliginde
  • eýeçiligindedi
  • eýeçiligindedir
  • eýeçiliginden
  • eýeçiligindäki
  • eýeçiligindäkiler
  • eýeçiligine
  • eýeçiligini
  • eýeçiliginiň
  • eýeçiligiň
  • eýeçiligiňize
  • eýeçilik-de
  • eýeçilikde
  • eýeçilikden
  • eýeçilikdir
  • eýeçilikdäki
  • eýeçiliklerde
  • eýeçilikleri
  • eýeçilikleridir
  • eýeçiliklerinde
  • eýeçiliklerine
  • eýeçiliklerini
  • eýeçilikleriniň
  • eýeçilikleriň
  • eýeçilikli
  • eýeçiliksiz