eýe at

  1. Haýsy hem bolsa bir zada hojaýynlyk ediji, eýelik ediji, bir zadyň hojaýyny.

    • Hatyň eýesini gözläp, töweregine garanjaklady. (B. Soltannyýazow, Kümüş)

    • Indi, eýesi gelende, näme-jogap bereris? (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Köse eýesini tanan it ýaly, kä öňüne geçýär, kä gapdalyna geçýär. («Görogly» eposy)

    • Gel, şu öýüň eýesini bir göreýin-le! (N. Pomma, Egri Eýikmez)

    • Mal eýesiniň gözünden suw içer. (nakyl)

    • Eýesine gerek bolsa, goňşusyna haram. (nakyl)

  2. Doly ygtyýarly, eýelik ediji, doly ygtyýarlyk, erk ediji.

    • Men-de bir ýurduň eýesi. («Görogly» eposy)

  3. Grammatik termin Habar tarapyndan hereketi ýa-da ýagdaýy, bolşy kesgitlenýän sözlemiň baş agzasy.

    • Sözlemiň eýesini tapmak.

  4. Mifologiýa Haýsy hem bolsa bir zada eýelik etmek, bir zadyň eýesi bolmak.

    • Ahyr Görogly atasynyň ýurduna eýe boldy. («Görogly» eposy)

  5. Bir derejä ýetmek, bir zady özleşdirmek.

    • Iň gowusy başga bir hünäre eýe bolmak gerek. («Mydam Taýýar» Gazýeti)