1 ümlük

Birine habar gatylanda ulanylýan ýüz tutma söz-ümlük.

  • Eý, akmak geçi, indi tä ölýänçäň, gurrugyň içinde galyber! («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

  • Eý, tilki dost, sen bir gün hem işlemediň! («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

  • Eý, oglanlar, Çarwa aga gelýär! -- diýen ses çykdy. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň Gürrüňi)

  • Eý, gurrandazlar men il içinde aýdyşyp ýeňene, göreşip ýykana barjak! -- diýip, özüm wada etdim. («Görogly» eposy)

  • Eý, Jepbar, şu günki habary eşitdiňizmi?! (G. Gurbansähedow, Ýürek Daş Däl)

2

Derini, hamy işläp bejermek, üçin ulanylýan gatyk, ajadylan unly garyndy.

  • Mergen aga derä eý berip- çaý içmäge oturdy.

eý almak

Eýiň derä, hama oňat siňmekligi, ornaşmaklygy, ýeterlik eýlenmek, eýi ýetmek.

  • Ol deriler oňat eý alypdyr.

eýden çykarmak

Deri, ham ýeterlik wagtda eýde ýatandan soň ony eýden arassalamak, sermek.

  • Derileri eýden çykardylar.

eýini görmek

Berk çäre görmek, temmi bermek, urmak.

eýini ýetirmek

  1. Öz mukdaryna, ýeterlik eýbermek, eýini az etmezlik.

    • Durdy, derileriň eýini ýetirgin!

  2. seret eýini görmek

    • Ony gözläp tapyp, mazalyja eýini ýetirmeli ekeniňiz ahyryn! Emma men dyzap, olaryň arasyndan sypdym-da, arkamy bir jaýa diräp, ýumruklarymy öňe uzatdym we öňürti sokulyp gelse, onuň eýini ýetirjekdigim aýtdym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

3

eý görmek

Gowy görmek, eziz görmek, halamak, ýürekden ýagşy görmek.

  • Şonda-da ony men gaty eý görýän! («Edebiýat we Sungat» gazeti)

  • Öz goýnuny ählisinden eý görýär. («Tokmak» žurnaly)

  • Ol şert etse-etmese-de, diýenini edýän başlygy eý görýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Men tüpeňimi, gapanlarymy diýseň eý görýärdim. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň Gürrüňi)

  • Anna Petrowna meni öz ogly ýaly ýaly eý görýär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Gandym awçy hem agtygy Myrady ölen ogunyň dereginde eý görýärdi. (A. Gowşudow, Eserler)