eçilmek işlik

Jomart bolmak, merhemetli bolmak, sahylyk etmek, joşmak.

  • Mundan eçildik bolmaz. (G. Gurbansähedow, Ýürek daş däl)

  • Mama has hem eçildi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Şu mahal Pökgen agaň eçilen wagty, baryp oturanymyzdan soň pul sora. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Biz tebigatyň eçilerine garaşyp durmarys. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)