dyz

[dy:z]

Anatomiýa But süňki bilen injik süňküniň birleşýän bogny, ýeri.

  • Begenç melemtil jalbaryny çyzgap, dyzyndan ýokary geçiripdir. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Ol gapdalyndaky oturanyň dyzyna kakdy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

dyz epmek

  1. Sähel wagt oturmak.

    • Dyzlaryny epdi-de, Gele-gelmän dessine, Atany ol öpdi-de, Goýdy başyn üstüne. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Boýun egmek, boýun bolmak.

    • Hiç haçan duşman öňünde epmez olar dyzlaryny, Ähli halkym boldy ýürekdeşiň seniň, Türkmenistan! (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

dyz ýazmak

Aýaklaryňy öňe uzadyp dynç almak.

dyza çökmek

  1. Boýun burmak, ýalbarmak.

    • Oglunyň ýanyna baryp, dyzyna çökýär, onuň maňlaýyndan sypalaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Boýun bolmak, boýun egmek.


Duş gelýän formalary
  • dyza
  • dyzady
  • dyzam
  • dyzda
  • dyzdan
  • dyzlar
  • dyzlara
  • dyzlaram
  • dyzlarda
  • dyzlary
  • dyzlaryma
  • dyzlarymyň
  • dyzlaryna
  • dyzlaryndaky
  • dyzlaryny
  • dyzlarynyň
  • dyzlaryň
  • dyzlaryňa
  • dyzly
  • dyzlygy
  • dyzlyk
  • dyzy
  • dyzym
  • dyzyma
  • dyzymam
  • dyzymda
  • dyzymdan
  • dyzymy
  • dyzymyza
  • dyzymyň
  • dyzyn
  • dyzyna
  • dyzynda
  • dyzyndan
  • dyzyndandy
  • dyzyny
  • dyzynyň
  • dyzyň
  • dyzyňa
  • dyzyňdan
  • dyzyňdandy
  • dyzyňy
  • dyzyňyza
  • dyzyňyzyň