dyrmamak işlik

  1. seret dyrmalamak

    • Olar keşleriň arasyny kätmen bilen ýeňiljek dyrmaýardylar, ýumşadýardylar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. seret dyrnaçaklamak

    • Gülnäz elleri bilen onuň ýüzüni, gözüni dyrmady, sypmaga çalyşdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

ýer dyrmamak

seret ýer

  • Köpüsi sesini çykarman, başyny aşak salyp, ýer dyrmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • dyrmady
  • dyrmajak
  • dyrmalary
  • dyrmaly
  • dyrmamaga
  • dyrmamak
  • dyrman
  • dyrmany
  • dyrmanyň
  • dyrmap
  • dyrmaýar
  • dyrmaýardy
  • dyrmaýardylar