dyrmaşmak işlik

  1. Elleriň bilen ýapyşyp, aýaklaryň kömegi bilen ýokary çykjak bolmak, ýapyşyp bir zadyň üstüne münjek bolmak.

    • Sazaklaryň başyna dyrmaşyp çykan hažžyklar dünýäniň bolşuna geň galyjylyk bilen syn edýän ýalydylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Olaryň gözleri ýap-ýaňy dyrmaşyp barýan bir gara düşýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Dyrmamaga, gorjamaga kömekleşmek, bilelikde dyrmamak.


Duş gelýän formalary
  • dyrmaşan
  • dyrmaşanda
  • dyrmaşanlar
  • dyrmaşar
  • dyrmaşaryn
  • dyrmaşdy
  • dyrmaşdy-da
  • dyrmaşdyk
  • dyrmaşdylar
  • dyrmaşmaga
  • dyrmaşmagam
  • dyrmaşmagy
  • dyrmaşmak
  • dyrmaşsa-da
  • dyrmaşyp
  • dyrmaşypdy
  • dyrmaşypdyr
  • dyrmaşýan
  • dyrmaşýandygyna
  • dyrmaşýandyklaryny
  • dyrmaşýar
  • dyrmaşýardy
  • dyrmaşýarka
  • dyrmaşýarlar
  • dyrmaşýaryn