dyrjaşmak işlik

Jan çekmek, jan etmek, yhlas bilen ýapyşmak, bar güýjüňi goýmak, çalyşmak, dyryşmak.

  • Her niçik-de bolsa, ýola düşüp ugran wagtlarynda, onuň özi ýörejek bolup dyrjaşdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Bar güýji bilen böwedi saklamaga dyrjaşdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)


Duş gelýän formalary
  • dyrjaşar
  • dyrjaşardym
  • dyrjaşdy
  • dyrjaşdyk
  • dyrjaşdylar
  • dyrjaşdym
  • dyrjaşjakdygyny
  • dyrjaşmagyndan
  • dyrjaşmak
  • dyrjaşmaň
  • dyrjaşsa-da
  • dyrjaşsalaram
  • dyrjaşsaň-da
  • dyrjaşyp
  • dyrjaşypdy
  • dyrjaşypdyr
  • dyrjaşypdyrlar
  • dyrjaşýan
  • dyrjaşýana
  • dyrjaşýar
  • dyrjaşýardy
  • dyrjaşýardylar
  • dyrjaşýarlar