dynmak işlik

[dy:nmak]

  1. Halas bolmak, başyňdan sowmak, azat bolmak, gutulmak.

    • Damagy çalynjak bolup duran goýunlar häzirlikçe ölüm howpundan dyndylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Bes etmek, goýmak, durmak.

    • Ýagyş dyndy.

  3. Ynjalyk tapmak, karar tapmak, gutulmak, başdan sowmak, rahatlanmak.

    • Hawa, hanym, maşgalamyň dynjak ýerine seretdim. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)