dyngy at

[dy:ngy]

Gepleşikde, işde we ş. m. gysgajyk arakesme, wagtlaýynça saklanma.

  • Hoşgeldi, indi hatdat ýigitler köpelipdir, bu iş şolaryň başarjak işleri -- diýip, Akmämmet aga gürrüňine bir dyngy berdi-de, ýene dowam etdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Nurjahan! -- diýip, ol öz sözüne dyngy berdi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

dyngy belgiler

Grammatik termin Punktuasiýa kadalarynyň esasynda goýulýan belgiler (nokat, otur, kese çyzyk, ýüzlenme belgisi, goşa dyrnak, ýaý we ş. m.).


Duş gelýän formalary
  • dynga
  • dyngam
  • dyngylary
  • dyngyly
  • dyngyny
  • dyngysy
  • dyngysyz
  • dyngysyzlyk