dynç

[dy:nç]

  1. Rahatlyk ýagdaýy, sarp edilen güýç-kuwwaty öňki katdyna eltmek üçin, işlenmän dem alynýan boş wagt.

    • Şeýle-de bolsa, men Narly Nepesowiç bilen bir sanatoride dynç almaly boldum. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Asudalyk ýagdaýynda bolan, hereketsiz, gymyldysyz halda bolan, durgun ýa-da çala hereket edýän.

    • Näme üçin biz bu atlary bakyp-bejerip, boş ýatyrýarys, bu zamanda iýip-içip, dynç ýatmak halanmaýar, peýdalanyň! -- diýip, Hoşly aýtdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  3. Parahat, rahat, gowgasyz.

    • Itleriň üýrýän sesleri dynç oturan obany uly şowhuna salardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Dynç başyny depirjik ýere berme. (nakyl)

    • Aç başym -- dynç gulagym. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem dynç - dynjym, dynjyň.


Duş gelýän formalary
  • dynjy
  • dynjymy
  • dynjymyz
  • dynjymyzy
  • dynjyn
  • dynjyny
  • dynjyň
  • dynjyňy
  • dynjyňyzy
  • dynçda
  • dynçdy
  • dynçlaryny
  • dynçlyga
  • dynçlygy
  • dynçlygynda
  • dynçlygyndan
  • dynçlygyň
  • dynçlyk
  • dynçlykda
  • dynçlykdan