dymyşmak işlik

Köpçülik bolup ses-üýn çykarman oturmak, geplemän oturmak.

  • Wepa bilen Mährijemal ep-esli dymyşyp, öz ýollary bilen elli-altmyş ädim ýörediler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem dymyşmak - dymşar, dymşypdyr.


Duş gelýän formalary
  • dymyşdylar
  • dymyşlaryny
  • dymyşlygy
  • dymyşlygynyň
  • dymyşlygyň
  • dymyşlyk
  • dymyşmak
  • dymyşýardylar
  • dymşanlaryndan
  • dymşyp
  • dymşyň