dyglamak işlik

Endamyň, bedeniň çümşüldäp, tikenekläp gitmek.

  • Artygyň adyny eşidende, onuň gamçysy ýadyna düşende, Mawynyň endamy dyglady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Eýwanda nätanyş adamlaryň ýanynda oturan ýaşulyny gören badyna, Baharyň ýüregi jigledi, endamy dyglady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Bu ýakymsyz sese Ogulsoltan ejäniň endamy dyglap gitdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • dyglady
  • dyglap