duzly sypat

[du:zly]

  1. Duzy köp düşen, şor.

    • Nahar duzly bolupdyr.

  2. Duza ýatyrylan, duza basylan.

    • Duzly hyýar.

  3. Göçme manyda Erbet täsir galdyrýan, ajy, awuly, zäherli (söz, dil hakda).

    • Onuň dili duzly.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem duzly - duzluda, duzlular, duzlusy.