duzak

  1. Guşy ýa-da gaçak maly tutmak üçin halka görnüşli gurulýan emel, tilsim.

    • Çürçüri tutmak üçin duzak gurduk.

  2. Göçme manyda Salynýan hile, mekirlik.

    • Duzaga düşendir çaga kepderi, Ganaty galganok, gyrykdy peri. (Çary Aşyr, Poemalar)

    • Öz guran duzaklaryna özleri çolaşdylar. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem duzak - duzagy.

duzaga salmak

Aldap ele salmak, aldap tutmak.

duzak gurmak

Aldamak üçin hile etmek.

  • Duşmanlar bütin töwerege duzak gurdular. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)