durmuş

  1. Ýaşaýyş döwri, zaman, ömür.

    • Bagtly we şatlykly durmuş.

  2. Filosofiýa Biziň aňymyza bagly bolmadyk obýektiw reallyk, materiýa, tebigat.

    • Durmuş aňy kesgitleýär.

  3. Jemgyýetiň maddy ýaşaýşynyň şertiniň jemi, güzeran, ýagdaý.

    • Onda peselen durmuşyny ýokary galdyrmak höwesi bar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  4. Bütin durşy, durky, göwresi.

    • Ol durmuşy bilen gagşaýardy. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)

durmuş görmek

  1. Köp meseleler boýunça düşünjeli bolmak, köp zady başdan geçirmek.

    • Bu adam birnäçe ýyl jigit bolup gulluk eden we onda-munda oturylyşyklarda bolup, az-kem durmuş gören adamdy. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)

  2. Ýaşamak, güzeran görmek.

durmuşa çykmak

Biri bilen goş birikdirmek, äre barmak, ýaşaýyş gurmak.

  • Uly gyzy bir eýýäm durmuşa çykyp, ondan bir gyzjagaz hem bolupdyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

durmuşa geçirmek

Bir işi amala aşyrmak, iş ýüzüne geçirmek.