Aýak üstüne galmak, dim-dik ýagdaýda bolmak, dikelmek.
Onuň ýigitleri meýdanyň bir çetinde durdular. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Bir ýerde ýerleşmek, bar bolmak.
Bir käre eýe bolmak, bir wezipäniň başynda bolmak, bir guramanyň agzasy bolmak.
Häkimiýet başynda işçiler we daýhanlar durýarlar. («Mydam taýýar» gazeti)
Kömekçi işlik funksiýasynda ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde gymyldynyň başlanyşyny, dowamlylygyny we çylşyrymly häzirki zamany görkezýär.
Ýygnaşmaga durmak, goýbermäge durmak; gelip durmak, diýip durmak; öwsüp durmak.
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem durmak - durdum, durduň, durupdyr.
seret arka 1