dul 1

[du:l]

Öýüň, jaýyň içiniň çep ýa-da sag gapdaly.

  • Goýun-guzy bakdym çölde, Dulumyzda ýokdy galla. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Bu ýerdöleniň bir ýan dulunda şem ýanyp durdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem dul - dulum, duluň.

dul 2

Aýaly ýa-da äri ölen, aýalsyz ýa-da ärsiz galan, başy boş.

  • Sen, hanym, özüňi dul hasap etmegin! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Dul gözi bilen aýal alma, pyýada gözi bilen -- at. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem dul - dulum, duluň.


Duş gelýän formalary
  • dula
  • dulda
  • duldaky
  • duldan
  • dullar
  • dullara
  • dullaryna
  • dullaryň
  • dulluga
  • dullugyň
  • dulluk
  • dullukdan
  • dullukdyr
  • dulmy
  • duluma
  • dulumda
  • dulumyza
  • dulumyzda
  • duluna
  • dulunda
  • dulundaky
  • dulundan
  • duluny
  • dulunyň
  • duluň
  • duluňa
  • duluňda
  • duluňy
  • duluňyza
  • duluňyzdan
  • duly