duýdansyz sypat

[duýda:nsyz]

  1. Garaşylmadyk ýagdaýda, habarsyz, bildirmän, gapyllykda, ahmallykda, birdenkä.

    • Artyk oňa duýdansyz sowallar ýagdyranyny-da duýman galdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Duýdansyz çykan ses onuň şol hyýalyny nirädir uçurdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Tarpa-taýyn, birden.

    • Gaýratly, janypkeş zähmet batyry, Duýdansyz aradan çykdy-da gitdi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)