dostluk at

[do:stluk]

Dostlara has bolan aragatnaşyk, dostlarça alnyp barylýan gatnaşyk.

  • Allaýar tulumyň ony sorap gelmegi, belki, köne dostluk sebäplidir. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Halklaryň dostlugy bar zatdan gymmat. (K. Işanow, Watan üçin)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem dostluk - dostlugy.