dost
[do:st]
Biri bilen özara ynamlylyk, söýgülilik, wepalylyk gatnaşygynda bolan adam, ýoldaş.
Şu obada iki sany garyp, dost maşgala ýaşaýardylar. (A. Gowşudow, Saýlanan Eserler)
Puşkiniň metbugatda birinji peýda bolan eseri «Şahyr Dostuma» diýen şygrydyr. (A. S. Puşkin, Saýlanan Eserler)
Gahryman dostlarynyň düşüp öňüne, Arladyp maşynyn sürýär ileri. (A. Kekilow, Saýlanan Eserler)
Dostuň aýybyny ýüzüne aýt. (Nakyl)
Dogry dost kinesiz bolar, bolşuňy ýüzüňe diýer. (Nakyl)
Dostuňy egleme, nepden galmasyn; duşmanyň saklama, syryň bilmesin. (Nakyl)
Ýoldaşyňa ýa-da başga birine ýüz tutulyp aýdylýan söz.
Dost, biraz aýak çek!
arasyndan gyl geçmez dost
Örän gowy görüşýän dost.
Aman poşçy bilen Sähediň we olaryň maşgalalarynyň arasyndan gyl geçmez dostluklary şeýledi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ýalňyş barada habar ber ![]()
