don

[do:n]

Türkmenleriň uzyn we giň daşky milli geýimi.

  • Gurply durmuşa öwrüp, Täzelediň donlarmyzy. (Durdy Gylyç, Goşgular)

  • Don biçerler ýeňli-ýanly, dost tutarlar öňli-soňly. (nakyl)

  • Maslahatly biçilen don gysga bolmaz. (nakyl)

  • Gyrmyzy don.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem don - donum, donuň.

ajal donuny geýmek

seret ajal

dony biçilmek

Gutarnykly maslahaty edilmek, bir zat, adam barada görülmeli işiň, çäräniň bellenmegi.

gara donly bolmak

Günäli bolmak, ýazykly bolmak.

gazap donuny geýmek

Örän gaty gaharlanmak, gazaplanmak.

  • Gazap donun geýip, çozanda duşman, Abananda üstümize ol duman. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)