doly1 sypat

Kiçijik göjek görnüşli, buz bolup gaçýan atmosfera ygaly.

  • Tomsuna käte ýagyş ýerine doly ýagýar. (M. N. Skatkin, Jansyz Tebigat)

  • Çabga örän güýçli degýär, doly gatyşykly däldigine men gaty şat. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Doly kimin ýagar çoýun-polatlar, Duşmana ot saçar altyn ýigitler. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem doly - doluda, dolular, dolusy.

doly2 sypat

[do:ly]

  1. Püre-pür edilip guýlan, erňegine çenli salnan, doldurylan.

    • Bedre doly akşekerek üzümiň üstüne sowuk suw guýup iýmäge başlaýarlar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  2. Hyryn-dykyn bolan, hyryn-dykyn.

    • Jaýyň içi adamdan doludy.

  3. Başdan-aýak, bütinleý.

    • Biz ol kararlary gazetlerde doly okapdyk. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  4. Semiz, etli-ganly, ýogyn.

    • Begenjiň ýasy gursagy, doly boýny, bugdaýreňk ýüzi güne ýanypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  5. Gutarylan, gutarnykly.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem doly - doluda, dolular, dolusy.