doluşmak işlik

[do:luşmak]

  1. Ete-gana gelmek, semräp başlamak.

    • Doluşdy kemala gelip, Öňki gara näzik beden. (R. Seýidow, Bagtlylar)

  2. Ýetişmek, bişişmek, boý almak.

    • Emma ondaky doluşan gozalar çat açypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  3. Boý alyp başlamak, ini, boýy barabarlaşmak.

    • Doluşan Aý dik depä galypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

akyly doluşmak

seret akyl

  • Onuň şindi akyly, doluşmandyr.


Duş gelýän formalary
  • doluşan
  • doluşanda
  • doluşanlyk
  • doluşdy
  • doluşmadyk
  • doluşmak
  • doluşyp
  • doluşyň
  • doluşýan