dok1

  1. däl, naharly.

    • Guýrugy elek ýaly dok goýunlar mylaýym güneşden lezzet alardylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Dok diýip, tilkä barma; aç-da bolsa, gurda bar. (nakyl)

    • Dokuň açdan habary ýok. (nakyl)

  2. Doly, maňyzlak.

  3. Mes ýaşaýan, bolelinlikde ýaşaýan.

    • Dok çaýkanman, aç doýmaz. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem dok - dokum, dokuň.

dok2

Gämileri remont etmek üçin guralan port desgasy.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem dok - dogum, doguň.