dogurmak işlik

  1. Dünýä indirmek, guzlamak, çagalamak.

    • Ejem pahyr hem bir pälwan ogul dograýmandyr. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň gyzy)

  2. Günüň çykmagyna garaşmak.

    • Güni ýolda dograly -- diýip, jogap beripdir. (Myraly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem dogurmak - dograr, dogrupdyr.