dogry dog‧ry sypat

  1. Egri däl, gyşyk bolmadyk, göni.

    • Tüpeňi dogry çenemeklik gerek! (J. Akyýew, Mergeniň ogly)

    • Dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýyby ýok. (nakyl)

  2. Ýalňyş däl, hakykata laýyk gelýän, çyn.

    • Dogry düşünjeler köp adamlaryň zähmet işiniň prosesinde emele gelýär. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)

    • Saklamasaň, gitsem dogry ýol bilen, Ýeterdim maksada, käbäm, atam jan! (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem dogry - dogruda, dogrular, dogrusy.

dogry gelmek

Miýesser bolmak, saý-sebäp bilen edilmek, gabat gelmek.

  • Bir säwlik sebäpli şu saparky döwekde tohum atlary ulanmak dogry gelipdir. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

dogry tapmak

Makul görmek, dogry diýip bilmek.

dogryňdan gelmek

Hakykaty aýtmak.

  • Gidere ýerim galmady, dogrymdan geleýin! («Mydam Taýýar» Gazýeti)


Duş gelýän formalary
  • dogra
  • dogrady
  • dogram
  • dogruda
  • dogrudan
  • dogrudanam
  • dogrudy
  • dogrudygy
  • dogrudygyna
  • dogrudygyny
  • dogrudym
  • dogrudyr
  • dogrudyrlar
  • dogruja
  • dogrujalar
  • dogrujamy
  • dogrujasyny
  • dogrujaňdan
  • dogrujaňy
  • dogrular
  • dogrulardym
  • dogrularyň
  • dogrulyga
  • dogrulygam
  • dogrulygy
  • dogrulygydyr
  • dogrulygyna
  • dogrulygynda
  • dogrulygyndan
  • dogrulygyny
  • dogrulygynyň
  • dogrulygyňa
  • dogrulygyňy
  • dogrulyk
  • dogrulykda
  • dogrulykdan
  • dogrulylygy
  • dogrumy
  • dogrumyş
  • dogrurak
  • dogrusy
  • dogrusydy
  • dogrusynda
  • dogrusyndan
  • dogrusyny
  • dogrym
  • dogrymda
  • dogrymdan
  • dogrymy
  • dogrynyň
  • dogryň
  • dogryňdan
  • dogryňy
  • dogryňyzy