dogrulamak işlik

  1. Dogry etmek, gönülemek.

  2. Nyşana almak, çenemek.

    • Şol ýerde oturan äpet çynary dogrulap, bir ok atdy. («Görogly» eposy)

    • Mergen tüpeňini oturan guşa dogrulap atdy.

  3. Bir zada gönüläp gitmek, dogry gitmek.

    • Käbir ýerde gorkman, dogrulady, käýerde hem ýoldan çykman sürdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)