Eneden bolmak, dünýä inmek.
Peýda bolmak, görünmek, çykmak, ýüze çykmak.
Dogdy Watanmyzyň ýaşmasyz Aýy, Ýalpyldap şöhlesi artýar günsaýy. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)
Gün dogup, äleme nuruny saçdy, dünýäni ýagtyltdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem dogmak - dogdum, dogduň, dogupdyr.
Çaga, beýlekä käýelip aýdylýan aňlatma.
Heý, dogman geçmiş. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.