dogan

  1. Bir ene-atadan bolan çagalar hakynda maşgala aragatnaşygyny görkezýän at.

    • Garryja atasy Wepany aýratyn gowy görüp, ony hemişe özi bilen awa alyp gidýändigi üçin, özünden uly doganlary oňa, görübilmezçilik edýärdiler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Göçme manyda Ýakyn ýoldaş, dost.

  3. Öz ýaşyň bilen deňräk ýaşly adamlara ýüz tutulyp aýdylýan söz.

    • Haw, dogan, saňa aýdylýar! -- diýip, ol ýene oňa ýüzlendi. («Tokmak» žurnaly)

dogan okuşmak

Biri bilen dogan bolmak, doganlarça ýaşamaga wadalaşmak.