doga1

[doga:]

  1. Dini söz Dini düşünjä görä: keselden gutulmak, göz degmezlik we ş. m. üçin işan-mollalaryň ýazyp berýän bölejik «mukaddes» hatlary.

    • Doga dakýar sygrynyň ol boýnuna. («Tokmak» žurnaly)

  2. Dine ynanýan adamlar tarapyndan haýyş bilen «hudaýa», «keramatly» adamlara ýüz tutanlarynda okalýan Gurhan setirleri.

    • Galandar onuň sözüne ähmiýet bermedi-de, iki eliniň aýasyny ýüzüniň golaýyna ýetirip, pyşyrdap doga okamaga başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

doga2

seret dogabitdi

  • Doga sallah edeniňe-de şükür. (Ata Salyh, Dynç alyş Wagty)

  • Şeker doga şeýle. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)