[do:dak]
Agzyň gyralaryny emele getirýän küti etlek ham, erin, leb.
Begenjiň Aýsoltana göni seredip bilmeýän görejinde, bimamla ýylgyrýan dodaklarynda utanç ýaly bir ýagdaý syzylýar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem dodak - dodagy.
Aglamaga başlamak, kemiş-kemiş etmek.
Grammatik termin seret ses
Grammatik termin seret singarmonizm
Ýukajyk, kiçiden tegelejik dodak.
Pisse dodak, inçe bil, alma ýaňakly söwdügim. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)