diwan 1

Oturmak we gyşaryp ýatmak üçin arkaly ýumşak mebel.

  • Diwanyň üstünde ony oturtdym. (Çary Aşyr, Poemalar)

diwan 2

[di:wa:n]

Könelişen söz Köne döwürde Gündogar ýurtlarynda ýokary wezipedäki adamlardan gurlan sowet, edara.

  • Şol gün diwanyň töweregine üýşen jemagat örän kändi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Bütin arçynlaryň, eminleriň, emeldarlaryň diwana çagyrylan gününde wolostnoýyň oňa gitmän galmagy ony biraz ikirjiňletdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

diwan 3

[di:wa:n]

Edebiýat termini Gündogar edebiýatlarynda liriki eserleriň ýygyndysy.


Duş gelýän formalary
  • diwana
  • diwanadyr
  • diwanda
  • diwandaky
  • diwandan
  • diwanlar
  • diwanlary
  • diwanlaryny
  • diwanly
  • diwanmy
  • diwany
  • diwanym
  • diwanymda
  • diwanymy
  • diwanymyzyň
  • diwanyn
  • diwanyna
  • diwanynda
  • diwanyndan
  • diwanyny
  • diwanynyň
  • diwanyň