diremek işlik

[di:remek]

  1. Bir zady saklamak üçin söýeg, direg urmak.

  2. Söýenmek, daýanmak üçin eliňi ýa-da başga bir ýeriňi ikinji bir zada urmak.

    • Ol çep elini tamyň diwaryna diräp, gapa tarap ugrady. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  3. Gezemek, çenemek.

    • Duşman özüniň ganly hanjaryny Watanyň bagryna dirän wagty, gorkunç howpuň Watanyň üstüne abanan wagty, Wepa ýaly gujurly ýigitler heý durup bilermi! (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Gül öldi -- diýsem, öz ölümimiň gursagyma pyçak direjegi ýadyma düşdi. (Myraly)

alnyňy diremek

seret alyn

  • Dogry oba ýetip, alnyn direýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)